Toyota modeliň 70 ýyllygyna bagyşlap, Crown-yň ýörite wersiýasyny çykardy

  • 25.05.2025 10:43
  • 11k+

Ýaponiýada Toyota Crown sedanynyň ýörite wersiýasy satylyp başlandy, ol modeliň 70 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu wersiýa Crown Special Edition Z «The 70th» adyny aldy.

Model Mercedes-Maybach awtomobilini ýatladýan kuzowyň iki reňkli boýagy bilen tapawutlanýar: onuň üsti Precious Metal kümüşsöw reňkinde, aşaky bölegi bolsa ak ýa-da gara perlamutrda ýerine ýetirildi. Salonda premium materiallar we tebigy agaçdan ýasalan elementler ulanylýar. Modeliň 70 ýyllygy mynasybetli ýörite nyşan hereket gutusynda, enjam panelinde we brelokda peýda boldy.
Awtomobil 20 dýuýmlyk öçügsi gara diskler, bezeg elementleri we aýryp bolýan oturgyç “kelleleri” bilen üpjün edildi. Şeýle-de, hapadan we tegmilden goragly bolan öçügsi goýy çal reňkli Crown Z Limited Matte Metal wersiýasy hödürlendi.
Wersiýalaryň ikisi-de güýç enjamlarynyň iki görnüşi: 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan öz-özüne zarýad berýän gibrid we Toyota Mirai modelinde ulanylýan ýaly wodorod ýangyçly ulgam bilen hödürlenýär.
Crown «The 70th» ulagynyň gibrid wersiýasynyň bahasy 7,55 mln ýenadan (takmynan, 52,7 müň dollar) başlaýar, Matte Metal-yň wodorod wersiýasynyň bahasy bolsa 9,1 mln ýena (takmynan, 63,5 müň dollar) ýetýär.


21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....