BMW strategiýany düzedip, benzin modellerini köp öndürmek kararyna geldi

  • 27.05.2025 10:57
  • 4.3k+

BMW Hytaý bazary boýunça çaklamalaryna gaýtadan seretdi. Kompaniýa doly elektrik awtomobilleriň satuwy boýunça garaşýan görkezijilerini peseldip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili modeller boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy.

Şeýle çözgüt i3 we iX3 elektromobilleri bilen şowsuz tejribeden soň kabul edildi. Kompaniýanyň elektromobiller üçin ahyrky bahalary bäsdeşlige ukypsyz bolup çykdy, bu hem islegiň pese gaçmagyna getirdi. Şeýle ýalňyşlyklaryň öňüni almak we bolup biljek ýitgileri azaltmak üçin, BMW strategiýa gaýtadan seretmek we elektromobillere ünsi azaltmak kararyna geldi.
Çaklamalaryň peseldilmegi hem häzirki BMW we MINI modellerine, hem 2026-njy ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän elektromobillere degişlidir. Kompaniýanyň üpjünçilik zynjyry bilen tanyş çeşmeleriň maglumatlaryna görä, käbir modelleriň satuwy 20%-den gowrak peseldi.
Şeýle-de, çeşmeler geçen ýyldan bäri BMW-niň çaklamalary yzygiderli azaldýandygyny belleýär. Üpjün edijiler tendensiýanyň dowam etmegine garaşýar. Ýöne BMW-niň soňky satuw çaklamalaryny azaltmagynyň gerimi öňkülerden has uly boldy. 


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......