«Volvo» 3 müň işgärini işden boşadar

  • 28.05.2025 14:06
  • 14k+

Volvo Cars şwed awtokompaniýasy 3 müňe golaý iş ornunyň azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu çäre esasan-da ofis işgärlerine degişli bolar, bu bolsa ähli işgärleriň, takmynan, 15 göterimine deňdir. Häzirki wagtda kompaniýanyň ofislerinde 43,5 müň adam işleýär.

Işden boşatmalaryň köpüsiniň Şwesiýada bolmagyna garaşylýar.
Hytaýyň «Geely» awtokonsernine degişli bolan kompaniýanyň ýolbaşçylary bu ädimi çykdajylary azaltmak zerurlygy bilen düşündirdiler. Maksat – 18 milliard şwed kronuny (takmynan, 1,9 milliard dollar) tygşytlamak. Bu çäreler dünýä bazarynda bäsdeşligiň güýçlenýän döwründe çykdajylary azaltmak we netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça giň meýilnamanyň bir bölegidir.
«Volvo Cars-yň» baş direktory Hakan Samuelson bu özgertmeleriň kompaniýanyň bazardaky ornuny güýçlendirmelidigini aýtdy.

«Awtoulag pudagy häzirki wagtda kyn döwri başdan geçirýär. Şeýle ýagdaýda biz nagt pul dolanyşygynyň görkezijileri gowulandyrmaly we çykdajylarymyzy düýpli azaltmaly» — diýip, ol aýtdy.

Şeýle kynçylyklar bilen häzirki wagtda beýleki awtoulag öndürijileri hem ýüzbe-ýüz bolýar. Durnuksyz makroykdysady ýagdaý, bäsdeşligiň artmagy hem-de ABŞ-nyň gümrük paçlaryny ýokarlandyrmagy pudaga täsir edýär.
«Volvo» 2030-njy ýyla çenli dolulygyna elektrikli awtoulaglara geçmegi maksat edinýändigini mälim eden ilkinji kompaniýalaryň biridi. Emma geçen ýyl kompaniýa bu meýilnamasyndan el çekdi.


27.01.2026 10:20
2.1k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...

13.09.2025 14:55
6.9k+

Toyota dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi. Aýry-aýry ýurtlar boýunça bu görkeziji nähilikä?

Toyota 2024-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag öndürijisi boldy. Kompaniýa ABŞ we Ýakyn Gündogar ýaly milli bazarlaryň aglabasynda birinji ýeri eýeledi. World Wide Mobility neşiri ýurt boýunça iň meşhur awtoulag öndürijileriniň kartasyny neşir etdi...