BMW-niň ähli modelleri 3,5 ýylda Neue Klasse dizaýnyna geçer

  • 30.05.2025 13:09
  • 8.4k+

BMW kompaniýasy 5-nji seriýadan başlap, model hatarynyň uly täzelenmesi barada habar berdi. Üç ýarym ýylyň içinde markanyň ähli awtomobilleri, şol sanda benzin ulaglary Neue Klasse dizaýnyna we tehnologiýalaryna geçer. Ilkibaşda olar diňe elektromobiller üçin işlenip taýýarlanypdy diýip, IT Home neşiri ýazýar.

BMW-niň önüm bölüminiň ýolbaşçysy Berndt Kýorber ilkinji ädimiň şu ýylyň sentýabr aýynda Mýunhendäki awtosalonda görkeziljek iX3 elektrokrossoweri boljakdygyny aýtdy. Şondan soň täzelenme beýleki modellere-de täsir eder.
Täzelenen 5-nji seriýa BMW ulagy 2026-njy ýylda görkeziler. Awtomobiliň daşky görnüşi Neue Klasse stilinde üýtgediler – ol täze öň bölegine eýe bolar. Salonda Panoramic iDrive ulgamy, 17,9 dýuýmlyk sensor ekran, proýeksiýa displeýi we täzelenen enjam paneli peýda bolar. Şol bir wagtyň özünde, model CLAR platformasynda galar we häzirki güýç enjamyny saklar.
Alyjylara iki görnüş hödürlener: 205 at güýji bilen ýumşak gibrid (MHEV) we 295 at güýji bilen birikdirilýän gibrid (PHEV). Olaryň ikisi-de 2,0 litrlik turbo-hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy.
5-nji seriýadan soň şeýle täzelenmäni X5, 2-nji seriýa, X2, 7-nji seriýa we X7 modelleri hem alar. Geljekde BMW-niň ähli täze awtomobilleri bir umumy stilde ýerine ýetiriler.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......