Ol ýeke-täk… Aston Martin eksklýuziw DB12 plýaž kabrioletini hödürledi

  • 01.06.2025 19:07
  • 4.6k+

Aston Martin diňe bir nusgada döredilen, aýratyn «DB12 Volante Palm Beach Edition» atly kabrioletini hödürledi. Bu awtoulag ABŞ-nyň iň baý şäherleriniň biri bolan Palm-Biç üçin ýörite taýýarlandy.

Bu model «Aston Martin Palm Beach» diler merkeziniň sargydy boýunça «Q» bölümi tarapyndan işlenip düzüldi. Ol Floridanyň baýlyk we nepislik bilen baglanyşdyrylýan keşbini şöhlelendirýär.
Awtoulagyň kuzowy açyk gök (mawy) reňkiň «Frosted Glass Blue» öwüşginine boýalan we ak elementler bilen bezelen. Gara ýalpyldawuk tekerler keşbiniň üstüni ýetirýär.
Interýeri deňiz äheňinde bezelen: oturgyçlar we paneller «Aurora Blue» we «Ivory White» reňk deri bilen örtülen. Gyzyl ýüplükden tikinler we zeýtun agajyndan ýasalan agaç detallar dizaýny has-da baýlaşdyrýar. Oturgyçlar, tirseklikler we gapy panelleri ýüzünde palma ýapragynyň şekili bilen ýörite logotip bilen bezelen.

«Awtoulag Palm-Biçiň nepisligini we brendimiziň ussatlygyny özüne jemleýär. Ol diňe bir dizaýn ajaýyplygy däl, eýsem, güýçli häsiýetli sport awtoulagydyr» — diýip, «Aston Martin The Americas» sebit bölüminiň prezidenti Pedro Mota aýtdy.

ABŞ-da «DB12 Volante» modeliniň başlangyç bahasy 265 müň dollardan başlaýar. Elbetde, «Palm Beach Edition-yň» bahasy has ýokary bolar, sebäbi bu model – ýeke-täk.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....