ABŞ-da 2020-2022-nji ýyllar aralygynda iň köp ogurlanan awtoulaglar atlandyryldy

  • 25.05.2025 18:58
  • 9.3k+

ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygynyň ätiýaçlandyryş instituty (IIHS) iň köp ogurlanýan awtoulaglaryň sanawyny düzmek üçin barlag geçirdi. Netijelere görä, 2020-2022-nji ýyllar aralygynda ogrular üçin iň özüne çekiji awtoulag - «Dodge Charger SRT Hellcat» bolupdyr.

Bu güýçli «maslkar» 707 at güýjüni öndürýän we 650 Nm tork berýän hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň bahasy 82 müň 670 dollar.
Sanawda ikinji orny «Dodge Charger Hemi» eýeleýär. Bu iki model hem özleriniň görmegeý dizaýny we güýçli hereketlendirijileri bilen meşhurdyr.
Iň az ogurlanýan awtoulaglaryň arasynda «Tesla Model 3» bilen «Model Y» bar. Bu elektromobiller seýrek ogurlanýar. Emma «Infiniti Q50» we «Land Rover Range Rover» ýaly gymmat we abraýly modeller ogrularyň ünsüni has köp çekýär.
Bilermenler sport görnüşli we meşhur awtoulaglaryň eýelerine howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi ýatlatdylar. Olar ogrulyga garşy ulgamlary ulanmagy we awtoulaglary goralýan ýerlerde goýmagy maslahat berýärler.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......