Mansory atelýesi Lamborghini Revuelto-ny 1 million dollarlyk superkara öwürdi

  • 27.05.2025 13:22
  • 6.6k+

Lamborghini Revuelto 2025 ulagy Mansory studiýasynda işlenen ýörite wersiýa eýe boldy. Aventador-yň mirasdüşeri hasaplanýan superkar indi 1 074 600 dollar bahadan hödürlenýär.

Model gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň düzümine 813 at güýjüni öndürýän 6,5 litrlik tebigy islegli V12 hereketlendirijisi we üç sany elektrik hereketlendirijisi girýär. Jemi kuwwaty 1100 at güýjüne ýetýär. 100 km / sag tizlige 2,5 sekuntda çykýar, aňrybaş tizligi sagatda 350 km-den geçýär.
Mansory awtoulagyň dizaýnyna birnäçe üýtgeşme girizdi. Täze öň paneller oturdyldy, yzky diffuzor täzeden dizaýn edildi we goşmaça tormoz çyrasy goşuldy. Şeýle hem superkar studiýanyň nyşany goýlan özboluşly diskalary aldy.
Interýeri deri we alkantara ulanylyp, Lamborghininiň stilinde bolmagynda galýar. Şeýle-de, aýry-aýry elementler, şol sanda täze pedallar we Mansory nyşanly urundylar goşuldy.
Täzelenen Revuelto önümçilik modeliniň tehniki häsiýetnamasyny özboluşly daşky  görnüş bilen utgaşdyrýar.


11.03.2026 17:18
2.4k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...