Ýuwaş ummanynda Hytaýdan üç müň ulag getirýän gämi ýandy

  • 06.06.2025 09:13
  • 18k+

Ýuwaş ummanynda Hytaýdan Meksika üç müň awtomobil alyp barýan Morning Midas ýük gämisi ýandy. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, bortda Chery Automobile Co. we Great Wall Motor ýaly hytaý awtoöndürijileriniň ulaglary bardy.

Liberiýanyň baýdagy bolan gämi 26-njy maýda Ýantaýdan (Şandun welaýaty, HHR) ugrady. Ol Hytaýyň birnäçe portuna bardy we 15-nji iýunda Meksikanyň Lasaro-Kardenas portuna gelmelidi.
Ýangyn 3-nji iýunda gämi Adak adasyndan (Alýaska), takmynan, 500 km uzaklykda wagty palubalaryň birinde başlady. Ýangynyň sebäpleri heniz belli däl.
Ekipaž ýangyny söndürmäge synanyşdy, ýöne şowsuz boldy. ABŞ-nyň Kenarýaka goragy 22 adamyň ählisini ewakuasiýa etdi. 4-nji iýunda edara ýangynyň dowam edýändiginiň ýa-da ýokdugynyň belli däldigini, ýöne bortda tüssäniň saklanýandygyny habar berdi.
Kenarýaka goragynyň maglumatlaryna görä, gämide 3159 ulag bardy. Olardan 65-isi doly elektrik, 681-isi gibrid. Agentligiň çeşmeleri palubada bir elektromobiliň ot alyp bilendigini çaklaýar, ýöne haýsy markanyňkydygy görkezilmeýär.


düýn 16:30
4k+

Hytaýyň polisiýasy ulaglar barada maglumat berýän emeli aňly äýnekleri ulanmaga başlady

Hytaýyň Çanşa şäherindäki ýol polisiýasy ulaglary barlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň (EA) bilen üpjün edilen akylly äýnekleri ulanmaga başlady. Täze enjamlaryň kömegi bilen ofiserler ulaga diňe bir gezek göz aýlamak arkaly, birnäçe sekuntda ol barada doly maglumat alyp bilýärler...

17.11.2025 13:14
11k+

Chery krossoweri “Asman Merdiwany” synagyndan geçip bilmän, syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi

Hytaýda Chery Fulwin X3L gibrid krossoweri Týanmen dagynda meşhur “Asman Merdiwanyna” çykyp bilmedi we syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi diýip, Jimu News habar berýär. Awtomobil basgançaklara çykmaga synanyşdy, ýöne yza gaýdyp baryp germewe uruldy...

13.11.2025 11:02
6.2k+

Hytaýda 17 müň dollardan Hyundai Mufasa 2026-nyň satuwa başlandy

Hytaýda Hyundai Mufasa 2026 täze ykjam krossoweriniň satuwy başlandy. Model üç görnüşde hödürlenýär, onuň bahasy 121 800 – 142 800 ýuan aralygynda bolup, bu takmynan 17 100 – 20 000 amerikan dollaryna deňdir. Ähli wersiýalarda 2,0 litrlik, 160 at güýjüni öndürýän hereketlendiriji we alty tizlikli awtomatiki geçiriş oturdylan...

11.11.2025 12:37
6k+

Hytaý krossoweri iň uzak aralyga ýöreýän gibrid hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hongqi kompaniýasy öz täze HS6 gibrid krossoweriniň dünýäde iň uzak aralyga ýöreýän zarýad berilýän gibrid wnedorožnik hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini mälim etdi. Bu barada Autohome portaly habar berýär...