Seulda geçirilen SNE Battery Day 2024 çäresinde Samsung gaty jisimli batareýanyň täze neslini görkezdi. Onuň häsiýetnamasy bir zarýadda 965 km aralygy geçmäge mümkinçilik berip, häzirki zaman litiý-ion analoglaryndan ep-esli ýokarydyr.
Batareýa 9 minutda 80% zarýad alýar we 20 ýyla çenli işläp biler.
Täze batareýanyň energiýa dykyzlygy 500 Wt·ç / kg-a ýetýär. Bu adaty litiý-ion batareýalaryndan iki esse ýokarydyr. Bu netije kümüş we uglerod (Ag-C) esasly anod ulanmak, şeýle hem suwuk elektrolitleri gatysyna çalyşmak arkaly gazanyldy.
Her 100 kWt batareýada bir kilograma çenli kümüş bolup biler. Bu gymmat bahaly metallara bolan islegiň artmagy bilen bagly howsala döredýär. Giňden ulanylyp başlansa, tehnologiýa dünýäniň kümüş bazaryna täsir edip biler.
Samsung eýýäm awtoulag öndürijilerine prototipleri iberip başlady. Batareýany ilki bilen premium elektrik ulaglaryna oturtmak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa tehnologiýany köpçülikleýin bazara elýeter etmek üçin onuň bahasyny biraz arzanlatmagyň üstünde işleýär.