Samsung Apple-iň yzysüre awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlamakdan ýüz öwürýär

  • 16.05.2024 01:47
  • 5.5k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy Apple-iň yzysüre awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlamakdan ýüz öwürýär. Business Korea neşiriniň maglumatlaryna görä, Samsung-yň bu ugra jogap berýän Samsung Advanced Institute of Technology (SAIT) bölümçesi ony ileri tutulýan ugurlaryň hataryndan aýyrdy diýip, 3Dnews ýazýar.

Samsung-yň gelen karary birnäçe şertler bilen baglanyşyklydyr. Birinjiden, awtosürüjini işläp taýýarlamak göz öňünde tutulandan has çylşyrymly we gymmat. Ikinjiden, uzak möhletleýin geljekde şeýle maýa goýumlardan geljek maliýe girdejisi näbelliligine galýar. Şeýle-de, bu ugurda Samsung-yň bäsdeşi, şol sanda üstünlik gazanmaga mümkinçiligi ýokary bolan awtoöndürijiler köpdür.
Geçen ýyl Samsung adam gatyşmazdan umumy ýoldan 200 km geçip bilen sürüjisiz awtomobiliň prototipini görkezdi. Ýöne kompaniýa bu tehnologiýany mundan beýläk ösdürmegi maksada laýyk däl hasaplady.
Awtosürüji taslamasyna öň çekilen serişdeler we işgärler robototehnika ugruna gönükdiriler.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.07.2025 12:09
4.3k+

BYD Galaxy Watch akylly sagatlaryny öz ulaglary üçin açar edip ulanar ýaly etdi

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi hytaý brendleriniň içinde ilkinji bolup Samsung Galaxy Watch akylly sagatlarynda sanly düwmelere goldawy ornaşdyrdy. NFC tehnologiýasyny ulanýan bu funksiýa häzirlikçe diňe Hytaýda bar, ýöne geljekde beýleki bazarlarda hem peýda bolup biler diýip Sammobile ýazýar...

26.05.2025 17:04
2.7k+

Samsung ýöreýiş ätiýaçlygy 965 km aralyga ýetjek batareýa döretdi. Ol 9 minutda zarýad alýar

Seulda geçirilen SNE Battery Day 2024 çäresinde Samsung gaty jisimli batareýanyň täze neslini görkezdi. Onuň häsiýetnamasy bir zarýadda 965 km aralygy geçmäge mümkinçilik berip, häzirki zaman litiý-ion analoglaryndan ep-esli ýokarydyr...

11.10.2024 11:05
13k+

iPhone öndürýän kompaniýa ilkinji awtoulagyny çykardy

Taýwanyň tehnologiýa ägirdi bolan Foxconn kompaniýasynyň Foxtron awtoulag bölümi täze "Model D" elektrik miniwenini hödürledi. Awtoulag Pininfarina dizaýner studiýasynyň gatnaşmagynda döredildi diýip, Autocar habar...