iPhone öndürýän kompaniýa ilkinji awtoulagyny çykardy

  • 11.10.2024 11:05
  • 13k+

Taýwanyň tehnologiýa ägirdi bolan Foxconn kompaniýasynyň Foxtron awtoulag bölümi täze "Model D" elektrik miniwenini hödürledi. Awtoulag Pininfarina dizaýner studiýasynyň gatnaşmagynda döredildi diýip, Autocar habar berýär.

Bu model D-segmentine degişli bolup, onuň uzynlygy 5,13 m, ini bolsa 1,99 m. WLTP standarty boýunça geçirilen synaglaryň netijesinde, awtoulag bir zarýadda 659 km geçdi. Bu görkeziji miniweni Peugeot e-5008-den öňe geçirip, 7 adamlyk elektromobilleriň arasynda öňdebaryjy edýär.
Awtoulag 120 kW/s kuwwatlylygy bolan litiý-demir-fosfat (LFP) akkumulýatory bilen enjamlaşdyrylandyr. Foxtron Model D-niň esasy aýratynlygy, oňa ýokary energiýa durnuklylygy üpjün edýän bary-ýogy 0,23 Cd bolan aerodinamiki garşylygynyň pes görkezijisidir.

Model D-niň platformasy ZF Chassis Modules kompaniýasynyň gatnaşmagynda işlenip düzüldi. Awtoulagyň 6 adamlyk wersiýasynda iPhone üçin zarýad berýän enjamlar we öňki oturgyçlarda iPad üçin portlar ýerleşdirilendir.
Foxtron Model D-niň köpçülikleýin önümçiligine 2 ýyldan başlamak meýilleşdirilýär.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

07.06.2024 11:55
3.6k+

Ford Tesla-nyň we Apple-iň öňki inženerleriniň kömegi bilen elýeterli elektrik ulagyny döredýär

Bäsleşmek maksady bilen Ford Motor elektrik ulaglary pudagynyň öňdebaryjy inženerlerinden, şol sanda Tesla-nyň we Apple-iň öňki işgärlerinden ybarat topar jemledi. Kompaniýa has elýeterli elektrik ulaglaryny öndürmek...

16.05.2024 01:47
5.5k+

Samsung Apple-iň yzysüre awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlamakdan ýüz öwürýär

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy Apple-iň yzysüre awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlamakdan ýüz öwürýär. Business Korea neşiriniň maglumatlaryna görä, Samsung-yň bu ugra jogap berýän Samsung...

08.03.2024 18:07
7.6k+

Tesla ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýalarynyň onlugyndan çykdy

Tesla ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýalarynyň ilkinji onlugyndan çykdy. 6-njy martda geçirilen sessiýanyň jemi boýunça Tesla Inc.-iň paýnamalary 2,32% pese gaçdy, netijede Ilon Maskyň kompaniýasy bazar bahasy boýunça...