Ford Tesla-nyň we Apple-iň öňki inženerleriniň kömegi bilen elýeterli elektrik ulagyny döredýär

  • 07.06.2024 11:55
  • 3.6k+

Bäsleşmek maksady bilen Ford Motor elektrik ulaglary pudagynyň öňdebaryjy inženerlerinden, şol sanda Tesla-nyň we Apple-iň öňki işgärlerinden ybarat topar jemledi. Kompaniýa has elýeterli elektrik ulaglaryny öndürmek üçin täze platforma döretmegi maksat edinýär diýip, IXBT habar berýär.

Awtoulag öndüriji Hytaýyň BYD awtoulag ägirdi we bu pudagyň beýleki öňdebaryjylary bilen baha we öndürijilik babatda çynlakaý bäsdeşlik etmek isleýär. Ford-uň baş direktory Jim Farli täze elektrik ulaglarynyň diňe bir girdejili bolman, eýsem amerikalylaryň köpüsi üçin elýeterli hem boljakdygyna ynanýar. Ford  elýeterli elektrik ulaglaryny öndürmekde Hytaýyň tejribesini ulanýar we ony amerikan bazaryna uýgunlaşdyrýar diýip, ol nygtady.
Täze platforma başga hili himiki düzümli, has kiçi ölçegli arzan batareýalary ulanar, bu bolsa çykdajylary ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berer. Ford agzalan täze batareýalary işläp taýýarlamak üçin eýýäm batareýa öndürmekde  dünýäniň öňdebaryjysy CATL bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Ford-uň has elýeterli modellere ünsi jemlemek maksady bilen, iri gabaraly, üç hatarly elektrik ulagyny çykarmagy soňa goýandygyny bellemelidiris.
Ozal Ford Motor Company sürüjilere ýoldan gözlerini sowmaga we ellerini destden aýyrmaga mümkinçilik berjek üçünji derejeli awtopiloty iki ýylyň içinde goýbermek meýilnamasynyň bardygyny yglan edipdi.


05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......