Toyota ABŞ-nyň bazary üçin Corolla we Corolla Hybrid sedanlaryny täzeledi

  • 28.07.2025 14:53
  • 7.7k+

Amerikan bazary üçin 2026-njy ýylyň Toyota model hatarynda Corolla we Corolla Hybrid sedanlarynyň kämilleşdirilen görnüşleri peýda boldy. Modelleriň ikisi-de täzelenen üpjünçilige, täze howpsuzlyk ulgamlaryna we birneme ýokary bahalara eýe boldy. Üýtgeşmeler barada maglumatlar brendiň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Hatardan FX Edition wersiýasy aýryldy. Esasy LE we SE wersiýalarynda indi öňki 4,2 dýuýmlyk ekranyň deregine 7 dýuýmlyk displeýli sanly enjam paneli ulanylýar. Iň ýokary XSE wersiýasynda 12,3 dýuýmlyk displeý oturdyldy – bu SE wersiýasy üçin hem elýeterlidir.
Indi Corolla 2026-nyň ähli wersiýalary kör zolaklarda monitoring we yzdaky atanaklaýyn hereket barada duýduryş ulgamlary bilen hödürlenýär. Şeýle-de, adaty üpjünçilige Toyota Safety Sense 3.0 kömekçiler toplumy goşuldy: kruiz dolandyryş, zolakda saklamak we pyýadalary tanamak bilen awtomatik tormoz bermek.
Corolla häzirem 169 at güýjüni berýän 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylýar. Ortaça sarp ediş – 100 km üçin 6,7 l çenli. LE, SE we XSE wersiýalary 400 dollar gymmatlady.
Gibrid Corolla hem şeýle täzelenmelere eýe boldy, bahasy 24,575 dollardan (öňküden 750 dollar gymmat) başlaýar. Kuwwaty – 138 at güýji, sarp ediş – 100 km üçin 4,4 l. Şeýle-de, doly herekete getirijili wersiýa peýda boldy. Ol 1,400 dollar gymmat we zerur bolan ýagdaýynda yzky okdaky goşmaça elektrik hereketlendirijisini ulanýar.

Wersiýalaryň bahalary:

  • Corolla LE — $22,725
  • Corolla SE — $25,165
  • Corolla XSE — $28,440
  • Corolla Hybrid LE — $24,575
  • Corolla Hybrid SE — $27,015
  • Corolla Hybrid XLE — $28,940
  • Corolla Hybrid LE AWD — $25,975
  • Corolla Hybrid SE AWD — $28,415

şu gün 21:15
337

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......