BYD Galaxy Watch akylly sagatlaryny öz ulaglary üçin açar edip ulanar ýaly etdi

  • 29.07.2025 12:09
  • 4.3k+

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi hytaý brendleriniň içinde ilkinji bolup Samsung Galaxy Watch akylly sagatlarynda sanly düwmelere goldawy ornaşdyrdy. NFC tehnologiýasyny ulanýan bu funksiýa häzirlikçe diňe Hytaýda bar, ýöne geljekde beýleki bazarlarda hem peýda bolup biler diýip Sammobile ýazýar.

Sanly açar Galaxy Watch 7-de, Watch 8-de, Watch 8 Classic-de we Galaxy Watch Ultra-da goldanýar. Onuň işlemegi üçin Samsung Smart Card programmasynyň 5.1.38 wersiýasy ýa-da has täze wersiýalary we BYD Auto programmasynyň  9.3.0 wersiýasy ýa-da ondan soňraky wersiýalary gerek bolýar.
BYD Bluetooth, bulut hyzmatlary, NFC we UWB protokoly arkaly işleýän Android, HarmonyOS we iOS platformalarynda smartfonlar üçin sanly açarlary eýýäm durmuşa ornaşdyrdy. Galaxy Watch-da diňe NFC goldanylýar. Işledilenden soň sanly açary maşgala agzalaryň ýa-da dostlaryň bilen paýlaşyp bolýar we ol sagatda-da, smartfonda-da işlär.
Bu integrasiýa Samsung-yň baş direktory Li Çže Ýonuň Hytaýa eden saparynyň netijesi bolsa gerek. Ol Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşdy we awtoulag pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek üçin BYD-nyň Şençženen merkezine baryp gördi.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......