Toyota Indoneziýada bZ4X elektrokrossoweriniň önümçiligine başlar

  • 28.07.2025 13:47
  • 4.3k+

Toyota kompaniýasy Indoneziýada täzelenen bZ4X elektrik krossoweriniň ýerli önümçiliginiň başlandygyny habar berdi. Bu barada GIIAS 2025 awtoulag sergisinde öndürijiniň wekilleri habar berdiler.

Bu markanyň ýurtda ýygnalýan ilkinji elektrik ulagy bolar. Önümçilik elektrik ulaglara çalt geçmek boýunça milli maksatnamany goldamak üçin strategik ädim hasaplanýar. Lokalizasiýanyň derejesi entek aýan edilmedi, ýöne Toyota bar bolan salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmagy meýilleşdirýär. Düzgüne laýyklykda, ýerli komponentleriň paýy 40% bolan elektrik ulaglaryna, adaty 11%-e derek 1% goşmaça salgyt salynýar.
Toyota lokalizasiýa Indoneziýanyň bazarynda bZ4X-iň bahasyny arzanladar, hyzmat we ätiýaçlyk şaýlarynyň elýeterliligini gowulandyrar diýip garaşýar.
Satuwlar 2025-nji ýylyň ahyrynda başlar diýip, Antara News habar berýär. Indoneziýada diňe öň tekerleri hereketli wersiýa hödürlener. Ýewropada bu modifikasiýa 57,7 we 73.1 kWt∙s kuwwatly batareýalar bilen elýeterlidir. Ýöreýiş ätiýaçlygy degişlilikde 444 we 568 km, tizligi 100 km / sag-a degişlilikde  8,6 we 7,4 sekuntda çykýar. Iň ýokary tizligi sagatda 140 we 160 km.
Şeýle hem awtoulag sergisinde Urban Cruiser EV ykjam krossoweri görkezildi. Ol 2026-njy ýylyň başynda Suzuki e Vitara modeli ilkinji gezek görkezilenden soň, tizara bazara çykyp biler.


09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....