Tesla ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýalarynyň onlugyndan çykdy

  • 08.03.2024 18:07
  • 7.5k+

Tesla ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýalarynyň ilkinji onlugyndan çykdy. 6-njy martda geçirilen sessiýanyň jemi boýunça Tesla Inc.-iň paýnamalary 2,32% pese gaçdy, netijede Ilon Maskyň kompaniýasy bazar bahasy boýunça liderleriň onlugyndan çykdy. Muny NASDAQ amerikan biržasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, lenta.ru habar berýär.

Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasynyň pese gaçyşy eýýäm yzygider üçünji gün hasaba alynýar. 6-njy martda olar bir paý üçin 176,54 dollara düşdi, 7-nji martda hem pese gaçyş dowam etdi.
ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawynda Tesla-nyň deregine 10-njy orny Visa Inc. eýeledi. Onuň bazar bahasy 563,38 mlrd dollara ýetdi. Tesla-nyň bazar bahasy 553,18 mlrd dollara barabar.
Liderleriň üçlüginde henizem Microsoft (2,99 trln dollar), Apple (2,61 trln dollar) we Nvidia (2,22 trln dollar) bar.
MarketWatch kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Tesla soňky gezek 2023-nji ýylyň fewral aýynda ABŞ-nyň iň uly korporasiýalarynyň ilkinji onlugyndan çykdy.


düýn 12:31
1.6k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......