Samsung elektromobiller üçin täze innowasion akkumulýator hödürledi

  • 05.08.2024 22:12
  • 4.4k+

Samsung elektromobiller üçin innowasion çekiş akkumlýatoryny hödürledi. Akkumulýator Seulda geçirilen SNE Battery Day 2024 sergisinde tanyşdyryldy diýip, Gizmochina ýazýar.

Täze batareýanyň täsir galdyryjy aýratynlyklary bar: bir zarýadda 965 km ýol geçjek ýöreýiş ätiýaçlygy, bary-ýogy 9 minut zarýad alyş wagty we 20 ýyla çenli hyzmat möhleti.
Samsung-yň BYD we CATL ýaly kompaniýalar bilen bäsleşmeýändigine garamazdan, kompaniýa öz batareýalaryny işjeň ösdürýär. Täze batareýa elektromobillerde giňden ulanylýan adaty litiý-ion batareýalaryndan has ýeňil, kiçi we has ygtybarlydyr.
Kompaniýada aýdylmagyna görä, batareýa “super-premium” elektromobillerinde ulanylar, bu bolsa onuň bahasynyň gymmatdygyny görkezýär. Häzirki wagtda batareýanyň nusgalary, synagdan geçirmek üçin, awtoulag öndürijilerine berildi. Akkumulýatoryň köpçülikleýin önümçiligini 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär.
Bu taslama alyjylar üçin elektromobilleriň özüne çekijiligini ep-esli artdyrar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......