Günorta Koreýada Samsung awtoulaglarynyň ady Renault diýip üýtgedildi

  • 12.04.2024 12:08
  • 13k+

Öň Günorta Koreýada Samsung markaly satylan awtoulaglaryň ady Renault diýip üýtgedildi. IXBT.com-yň habar bermegine görä, bu Samsung bilen Renault-yň awtoulag pudagyndaky 20 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň tamamlanandygyny görkezýär.

2000-nji ýylda Samsung Motors maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän wagty kompaniýa esasy paýyny alan Renault bilen şertnama baglaşdy. Şondan bäri Samsung awtoulaglary Günorta Koreýanyň içerki bazarynda öz markasy bilen satylyp gelinýärdi, ýöne Renault-nyň tehnologiýalaryny we platformalaryny ulanýardy.
2022-nji ýylda Renault Korea Motors (öňki Renault Samsung Motors) Samsung brendini ulanmak üçin ygtyýarnamasyny uzaltmazlyk kararyna geldi. Netijede, Samsung XM3 we QM6 modelleri degişlilikde Renault Arkana we Renault QM6 adyny aldy.
Hatardaky iň soňky model, koreý Renault Talisman-y häzirlikçe Samsung SM6 adyny saklaýar. Şeýle-de bolsa, ýakyn wagtda garaşylýan täzelenmeden soň onuň ady hem üýtgediler.


27.01.2026 18:54
12k+

Tramp Günorta Koreýadan getirilýän ulaglara gümrük pajyny 25%-e çenli ýokarlandyrýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Günorta Koreýadan getirilýän awtoulaglara we beýleki birnäçe harytlara goýulýan gümrük pajyny 15 göterimden 25 göterime çenli ýokarlandyrmak baradaky kararyny habar berdi. Bu baradaky beýannama "Truth Social" jemgyýetçilik torunda çap edildi...

29.07.2025 12:09
4.2k+

BYD Galaxy Watch akylly sagatlaryny öz ulaglary üçin açar edip ulanar ýaly etdi

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi hytaý brendleriniň içinde ilkinji bolup Samsung Galaxy Watch akylly sagatlarynda sanly düwmelere goldawy ornaşdyrdy. NFC tehnologiýasyny ulanýan bu funksiýa häzirlikçe diňe Hytaýda bar, ýöne geljekde beýleki bazarlarda hem peýda bolup biler diýip Sammobile ýazýar...

26.05.2025 17:04
2.7k+

Samsung ýöreýiş ätiýaçlygy 965 km aralyga ýetjek batareýa döretdi. Ol 9 minutda zarýad alýar

Seulda geçirilen SNE Battery Day 2024 çäresinde Samsung gaty jisimli batareýanyň täze neslini görkezdi. Onuň häsiýetnamasy bir zarýadda 965 km aralygy geçmäge mümkinçilik berip, häzirki zaman litiý-ion analoglaryndan ep-esli ýokarydyr...

26.05.2025 15:01
3.6k+

Hyundai Günorta Koreýada elektromobillere zarýad bermek üçin robotlary işe girizdi

Hyundai Motor Group Günorta Koreýada elektromobil zarýady üçin awtomatik robotlar bilen programmany işe girizdi. Olar zarýad kabelini awtomobile özbaşdak birikdirmek üçin emeli aňy we 3D kamerany ulanýar. Zarýad portunyň ýerini kesgitlemekde ýalňyşlyk 10 mm-den hem azdyr...