Tramp Günorta Koreýadan getirilýän ulaglara gümrük pajyny 25%-e çenli ýokarlandyrýandygyny yglan etdi

  • 27.01.2026 18:54
  • 12k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Günorta Koreýadan getirilýän awtoulaglara we beýleki birnäçe harytlara goýulýan gümrük pajyny 15 göterimden 25 göterime çenli ýokarlandyrmak baradaky kararyny habar berdi. Bu baradaky beýannama "Truth Social" jemgyýetçilik torunda çap edildi.

Koreýa Respublikasynyň häkimiýetleri muňa jogap edip, gümrük pajlarynyň ýokarlandyrylmagy barada resmi duýduryş almandyklaryny bellediler.
Ak tamyň ýolbaşçysy öz habarynda Günorta Koreýanyň Milli Assambleýasynyň ikitaraplaýyn söwda şertnamasyny tassyklamandygyny görkezdi. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý awtoulaglara, agaç materiallaryna (pilomateriallara), derman önümlerine goýulýan nyrhlaryň, şeýle-de jogap gümrük paçlarynyň 15-den 25 göterime çenli ýokarlandyrylmagyna sebäp boldy. Tramp Günorta Koreýa  "ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmeýär" diýip hasaplaýar.
Koreýa Respublikasynyň hökümeti resmi beýannama bilen çykyş edip, gümrük nyrhlary boýunça öň gazanylan ylalaşyklara eýermäge taýýardygyny nygtady.
Günorta Koreýanyň lideriniň administrasiýasynyň beýannamasynda: "Ýokarlandyrylan gümrük paçlarynyň güýje girmegi üçin federal reýestrde çap edilmek ýaly dolandyryş çäreleri gerek bolany sebäpli, biziň hökümetimiz gümrük pajlary boýunça ylalaşyklary ýerine ýetirmäge taýýardygyny ABŞ-nyň dykgatyna ýetirmegi meýilleşdirýär we bu ýagdaýa sabyrlylyk bilen çemeleşer" diýlip bellenilýär.
Şeýle hem Günorta Koreýanyň senagat we söwda ministri Kim Çžon Gwanyň gepleşikleri geçirmek üçin ABŞ-a ugramagy meýilleşdirýändigi habar berilýär.
Geçen ýylyň tomsunda Waşington we Seul söwda hyzmatdaşlygy barada ylalaşypdylar, güýzde bolsa onuň şertlerini tassykladylar. Günorta Koreýa ABŞ-nyň ykdysadyýetine 350 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini, onuň 200 milliardynyň göni maýa goýum, 150 milliardynyň bolsa gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk çäklerinde bolmalydygyny mälim edipdi. Maýa goýumlaryň ýyllyk çägi 20 milliard dollar derejesinde bellenilipdi. Öz gezeginde, ABŞ günorta koreý awtoulaglaryna goýulýan gümrük pajyny 25-den 15 göterime çenli aşaklatmaga razy bolupdy.


düýn 14:05
3.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......