Honda elektrik ulagynyň önümçiligini kemeldip, gibridlere üns berer

  • 25.05.2025 19:25
  • 1.5k+

Honda Motor strategiýasyny täzeden gözden geçirýändigini we elektrik ulaglarynyň önümçiligine maýa goýumlaryny azaldýandygyny yglan etdi. Kompaniýa 2030-njy maliýe ýylyna çenli elektrikli awtoulag satmak boýunça görkezijisini umumy satuwyň 30 göterimine çenli azaltdy diýip, kompaniýanyň baş direktory Tosihiro Mibeniň beren beýanatyna salgylanýan CarBuzz habar berýär.

Kompaniýa indi gibrid modellere ünsi jemlemekçi bolýar. 2031-nji ýyla çenli 10-dan 13-e çenli täze gibrid çykarmak meýilleşdirilýär. 2030-njy ýyla çenli ýyllyk satuwyň 2,2 million birlige ýetjekdigi we häzirki derejeden takmynan iki esse köp boljakdygy çak edilýär.
Strategiýanyň üýtgemegine täsir eden faktorlaryň biri-de gibridleri işläp taýýarlamagyň, elektrik ulaglar bilen deňeşdirilende, has arzan düşýänligidir. Bu kompaniýanyň girdejililigini ýokarlandyrmalydyr.
Honda-nyň ilkinji täze  gibrid modelleri 2027-nji ýylda bazara çykar. Jikme-jiklikleri entek aýdylmady, ýöne deslapky maglumatlara görä, olaryň arasynda häzirki Honda Pilot-yň ornuny tutjak uly krossower bolar. Şeýle hem, bar bolan benzin-elektrik tehnologiýalaryny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Honda eýýäm işe girizilen elektrik ulagy taslamalaryndan ýüz öwürmeýär. Asyl dizaýnly sedany we krossoweri öz içine alýan 0 indeksli ulag maşgalasyny işläp taýýarlamak tamamlanar. Olar esasan Demirgazyk Amerikanyň bazaryna gönükdirilendir.
Meýilnamalara düzediş girizilendigine garamazdan, kompaniýa 2040-njy ýyla çenli elektrik ulaglaryna doly geçmek ugruny dowam etdirýär.


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......