Nýurburgringde täze Tesla Model Y Performance göründi: ol modeliň iň çalt wersiýasy bolar

  • 28.05.2025 20:50
  • 2.6k+

Tesla kompaniýasy «Model Y Performance-iň» täze wersiýasyny synag edýär. Prototip meşhur Nýurburgring ýaryş ýolunda görüldi. Bu model elektrokrossoweriň iň çalt we tehnologiki taýdan iň kämilleşdirilen wersiýasy bolar.

Gizlin alnan suratlara görä, ulagyň uzaldylan yzky spoýleri bar we tekerleri «Model S Plaid-iňkä» meňzeş. Asma ulgamy peseldilipdir, gyzyl tormoz supporterleri bolsa täze tormoz ulgamynyň bardygyny aňladyp biler.
Ulagyň «Standard»«Sport» we «Track» ýaly tertipleri bolan uýgunlaşýan asma ulgama eýe bolmagyna garaşylýar.
Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kapotyň aşagynda «Model 3 Performance-dan» alnan, täzelenen goşa hereketlendirijili ulgam ýerleşer. Kuwwaty, takmynan, 513 at güýjünde bolup, 100 km/sag tizlige 3,2-3,3 sekuntda ýetip biler. Ýol ätiýaçlygy – amerikan aýlawlaryna görä, takmynan, 467 km.
Salonynda sport oturgyçlary we multimediýa ulgamynda özboluşly grafika peýda bolup biler. Öň tarapdan seredilende, daşky dizaýnda kän bir üýtgeşme ýok we öň tanyşdyrylan «Model 3 Performance» modeline görä has sada.
Resmi tanyşdyrylyşyň 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolmagyna garaşylýar. Häzirki «Model Y Performance» wersiýasynyň bahasy 52 müň 990 ýewrodan başlaýar we 100 km/sag tizlige 4,8 sekuntda ýetýär. Täze wersiýa hem tizligi, hem-de tehnologiki mümkinçilikleri boýunça bu modelden öňe geçer.


11.05.2026 16:03
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

28.04.2026 23:00
6k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......