BMW täze M5 modeliniň öňküsinden 540 kg has agyr bolmagynyň sebäbini düşündirdi

  • 29.05.2025 18:23
  • 8.5k+

Täze «BMW M5» («G90» kuzowly) modeliniň agramynyň artmagy köp sanly jedelleri döretdi. Awtoulagyň Ýewropa bazary üçin niýetlenen wersiýasynyň agramy 2435 kg, bu bolsa öňki nesil «M5 Competition» («F90») bilen deňeşdirilende, 540 kg has agyr. Köpler şeýle uly tapawudyň sebäbini bilmek islediler.

Esasy sebäp, ulagyň plagin gibrid ulgama (PHEV) geçmegi bolupdyr. «BMW M» bölümine ýolbaşçylyk edýän Frank wan Mil bu çözgüdiň Ýewropadaky CO₂ zyňyndylaryna goýlan salgyt düzgünleri bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi. Şol kadalar benzinli awtoulaglary has gymmat edip, olaryň elýeterliligini peseldýär, gibridler bolsa zyňyndylary azaldyp, salgyt ýüküni ýeňilleşdirýär.
Gibrid ulgam 197 at güýji bolan elektrohereketlendirijiden we 18,6 kWt·sag sygymly batareýadan ybarat. Elektrikli režimde ulag WLTP aýlawyna görä, 69 km çenli ýol geçip bilýär.
Batareýa kuzowyň aşagynda ýerleşdirilen, bu bolsa agyrlyk merkezini peseldýär we öwrümlerde burulmany azaltmaga kömek edýär. Mundan başga-da, täze modeliň koleýasy giňeldilen, asma ulgamy täzelenen we yzky tekerleri dolandyrmak ulgamy goşulan.
Agramyň artandygyna garamazdan, täze «M5» öňki «F90» modeli bilen deňeşdirilende has gowy dinamiki häsiýetleri görkezýär. Şol bir wagtyň özünde bolsa, ekologiýa laýyk we şäher şertlerine uýgunlaşdyrylan.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......