Lamborghini we Balenciaga bilelikdäki kolleksiýany çykardy

  • 26.05.2025 20:47
  • 4.5k+

Lamborghini we Balenciaga moda öýi egin-eşikleriň we aksessuarlaryň bilelikdäki güýzki kolleksiýasyny hödürledi. Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, ol sport awtomobilleriniň estetikasyny ýokary modanyň elementleri bilen utgaşdyrýar.

Kolleksiýa Lamborghini-niň dizaýnyndan ylham alyp taýýarlanan köýnekçeler, sport kostýumlary we torbalar girdi. Käbir predmetleriň bahasy 8 500 dollara ýetýär. Aýratyn üns täze Lamborghini Temerario superkaryna gönükdirildi. Bu ulag hem moda hyzmatdaşlygynyň bir bölegi boldy.
Temerario markanyň ilkinji turboly gibrid superkarydyr. Ol goşa turboly 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisi we üç elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Umumy kuwwat 907 at güýjüne deň. Bu 2025-nji ýylyň iň kuwwatly modelleriniň biri. Awtomobil ýokary tehnologiýalary we stili özüne birleşdirýär, bu bolsa ony hem awtosöýüjiler, hem moda muşdaklary üçin özüne çekiji edýär.


11.03.2026 17:18
2.4k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.2k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...