Nissan 16,5 müň dollardan çarçuwaly pikap çykardy. Ýangyç sarp edişi - 100 km üçin 1,9 litr, kuwwaty – 435 a.g.

  • 05.06.2025 15:45
  • 8.2k+

Gibrid ulgamly täze «Dongfeng-Nissan Z9» çarçuwaly pikap tanyşdyryldy. Bu barada «Autohome» habar berýär.

«Z9» modeliniň PHEV wersiýasy 1,5 litrlik benzinli turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol generator hökmünde işleýär we iki sany elektromotor bilen bilelikde hereket edýär. Esasy yzdan herekete getirilýän wersiýasy 326 at güýjüni öndürýär we 800 N∙m tork berýär. 17 kWt∙sag sygymly batareýasy diňe elektrik energiýasy bilen 60 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de 435 at güýjüni öndürýän we ýene 800 N∙m tork berýän doly herekete getirijili görnüşi hem hödürlenýär. Onuň batareýasy 32,8 kWt∙sag sygymly bolup, elektrik energiýasy bilen 135 km çenli ýol geçmäge ukyplydyr.

Kombinirlenen režimde ýangyjyň sarp edilişi her 100 km-de 1,3 litrden 1,9 litre çenli üýtgeýär. Batareýa doly gutaranda – takmynan, 7 litr/100 km bolýar.
Pikap diňe dört gapyly görnüşde hödürlenýär. Ol 800 kg-a çenli ýük daşap, 3,2 tonna çenli tirkeg çekip bilýär.
Komplektasiýasy çekilip çykarylýan basgançaklary, daş-töweregi görkezýän kameralary, häzirki zaman howpsuzlyk ulgamyny, elektrikli dolandyryşy, gyzdyryşy, howa çalşygyny we oturgyçlaryň massaž funksiýasyny öz içine alýar.
Yzdan herekete getirilýän «Dongfeng-Nissan Z9 PHEV-iň» bahasy – 156 müň 900 ýuan (takmynan, 22 müň dollar). Doly herekete getirilýän wersiýasy – 219 müň 900 ýuan (takmynan, 30,5 müň dollar).
Şeýle hem bahasy 120 müň ýuandan (takmynan, 16,5 müň dollardan) başlaýan benzinli we dizel görnüşleri hem elýeterlidir.
Ýakyn wagtda bu model halkara bazaryna «Nissan Frontier Pro» ady bilen çykarylar.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....