Toyota täze ultra-ykjam Aygo X krossowerini hödürledi

  • 04.06.2025 15:06
  • 3.2k+

Toyota Ýewropa bazary üçin örän ykjam Aygo X krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Esasy üýtgeşme Yaris modeliniň gibrid güýç enjamyna geçmegi boldy.

Öňki kuwwaty 72 at güýji bolan bir litrlik hereketlendirijiniň deregine indi awtomobilde jemi 116 at güýjüni berýän 1,5 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen gibrid ulanylýar. Bu awtomobiliň tizligini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi: tizligi 100 km/sag çenli artdyrma 15,5 sekuntdan 10 sekunta çenli azaldy. Ýangyjyň ortaça sarp edilişi 100 km üçin 3,8 litre barabar.
Akkumulýator moduly uzynlygyna yzky oturgyjyň aşagynda iki hatarda ýerleşdirildi. Ulagyň diňe elektrik tirkegde hereket edip biljekdigi ýa-da ýokdugy barada aýdylmaýar.
Tigir bazasy öňküligine galdy – 2430 mm. Kuzowyň öň bölegi üýtgedildi – täze kapot, radiator gözenegi we faralar peýda boldy.

“Aygo X häzirkizaman durmuş ýörelgesi üçin laýyk gelýän ykjam we uniwersal awtomobilleri gözleýän sürüjileriň ünsüni çekýär we alyjylaryň arasynda durnukly islegden peýdalanýar. 2022-nji ýylda Ýewropa ýollaryna çykaly bäri bu modelden 287 000-den gowrak nusga satyldy” – diýlip, awtoöndürijiniň resmi saýtynda aýdylýar.

Şeýle-de, täze ulagda Toyota Safety Sense howpsuzlyk ulgamy ulanylýar. Ol kämilleşdirilen çaknyşmalary duýduryş ulgamyny, hereketi zolakda saklamak we ýol belgilerini tanamak ulgamlaryny hem-de gyssagly durmak we işjeň hereketde kömek ulgamlaryny öz içine alýar.
Ilkinji gezek hatarda GR Sport görnüşi peýda boldy. Ol özboluşly bezegi, gara kapoty, aýratyn tigir diskleri, kämilleşdirilen amortizatorlar, pružinalar we elektrik rul güýçlendirijisi bilen tapawutlanýar.
Şeýle-de, sesi ýatyrmak ulgamy, klimaty dolandyryş blogy kämilleşdirildi we täze 7 dýuýmlyk enjam paneli oturdyldy.
Satuw 2025-nji ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär. 


21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....