3.2k+

Türkmen wekiliýeti Pekinde Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

14-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektoryndan, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygyndan we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymyndan ybarat wekiliýet Pekin şäherinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly iri halkara çäresine gatnaşdy...

2.9k+

«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu çäre ýurduň telekommunikasiýa we IT ulgamynda esasy waka bolan «Türkmentel–2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dabaraly ýapylyşynyň çäklerinde geçirildi...

5.6k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby “Türki halklarynyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa Gazagystanyň Astana şäherinde bu ýurduň “Bilim-orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan “Türki halklarynyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy...

2.4k+

Oguljahan Atabaýewa Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy...

1.5k+

Oguljahan Atabaýewa ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy

15-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşdy...

9.8k+

Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet sapary bilen barýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar hem-de Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrar. Sapara görülýän taýýarlyk barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer wise-premýer, daşary işler ministri R...

3.1k+

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan ediler

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada degişli teklibi wise-premýer B.Orazdurdyýewa anna güni Hökümet mejlisinde hödürledi...

2.8k+

Polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçek Aşgabatda konsert bilen çykyş eder

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde polşaly meşhur pianinoçy Woýseh Waleçegiň konserti geçiriler. Woýseh Waleçek ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Artur Rubinşteýn adyndaky halkara ýaşlar bäsleşiginiň, Italiýanyň Parma şäherinde geçirilen F...

1.9k+

Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň geodeziýa kafedrasy guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler. Olimpiada gatnaşmaga taýýarlygyň dürli ugurlary we hünärleri boýunça bilim alýan ähli gyzyklanma bildirýän talyplar çagyrylýar...

6.4k+

Aşgabatdaky orta hünär okuw mekdebi “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi isleg bildirýänleri “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar. Okuwa orta bilimli, şeýle-de esasy okuwynyň daşyndan hünär öwrenmeklige isleg bildirýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary (8-nji synpdan ýokary okuwçylary) hem kabul edilýär...

8.7k+

Türkmenistan ýolagçylaryň monitoringiniň döwrebap ulgamlary arkaly serhetlerde gözegçiligi güýçlendirer

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri ýolagçy maglumatlaryny monitoringleşdirmegiň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan halkara duşuşyklaryna gatnaşdylar. Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ýolagçy maglumatlary boýunça Resmi däl iş toparynyň bäşinji duşuşygy hem-de dokuzynjy bilelikdäki seminar 5–7-nji noýabr aralygynda Wenada geçirildi...

2.2k+

Aşgabatda "Türkmentel" sergisi we ITTC 2025 forumy dowam edýär

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär...