"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady

  • 24.12.2025 09:44
  • 7.2k+

Türkmenistanyň "Ahal" futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyny Iordaniýanyň "Al-Husseýin" toparyna garşy myhmançylykda geçiren duşuşygy bilen tamamlady. 23-nji dekabrda Ammanyň Halkara stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy.

Oýnuň 53-nji minutynda türkmen toparynyň kapitany Elman Tagaýew hasaby açdy. Emma köp wagt geçmänkä, ýer eýeleri oýnuň gidişini öz peýdalaryna üýtgetmegi başardylar: 65-nji minutda Ýusef Abu Jalbuş hasaby deňledi, soňra bolsa Abdulla Al-Fahuri 74-nji we 80-nji minutlarda iki gol girizip, dubl etdi.
Geçirilen dört oýnuň netijesi boýunça "Ahal" bir utuk toplap, "C" toparçasynda üçünji orny eýeledi. Ýatlap geçsek, ilkinji tapgyrda türkmen futbolçylary Hindistanyň "Mohun Bagan" toparyny ýeňipdiler (1:0), emma Aziýa Futbol Konfederasiýasy soňra bu netijeni ýatyrdy. Sebäbi hindi kluby Eýranyň "Sepahan" toparyna garşy oýna gelmändikleri üçin ýaryşdan çykaryldy.
Toparçalaýyn tapgyryň çäginde "Ahal", şeýle hem öz meýdançasynda "Al-Husseýinden" (1:4) ýeňildi we Ysfahanyň "Sepahany" bilen iki gezek duşuşdy. Birinji bäsleşikde türkmen topary 0:1 hasabynda utuldy, ikinji oýun bolsa 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.
Toparçada 9 utuk toplan "Al-Husseýin" birinji orny eýeledi. 8 utugy bolan "Sepahan" bolsa ikinji ýeri eýeläp, pleý-off tapgyryna ýollanma aldy.
Şu gün şeýle hem "B" toparçasynda çykyş edýän "Arkadag" futbol klubunyň ykbaly çözüler.
Toparçalaýyn tapgyryň iň soňky duşuşygynda Türkmenistanyň çempiony öz meýdançasynda Bahreýniň "Al-Haldiýa" toparyny kabul edýär. Oýun sagat 21:00-da başlanar.
Soňky oýunlaryň öňüsyrasynda "B" toparçasyndaky ýagdaý örän dartgynly: "Arkadag" häzirki wagtda 5 oýundan soň 4 utuk bilen 4-nji ýerde barýar. "Al-Haldiýa" 6 utuk bilen ikinji, "Al-Ahli" 7 utuk bilen birinji, "Andižan" bolsa 5 utuk bilen üçünji ýerde ýerleşýär.
Şonuň üçin hem şu günki oýun "Arkadag" üçin aýgytly bolar. Turnir jedwelindäki utuklaryň aratapawudynyň azdygyny göz öňünde tutsak, şu günki ýeňiş türkmen klubuna "Al-Haldiýadan" öňe geçmäge we indiki tapgyra çykmak üçin mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrmaga ýol açar. Islendik başga netije, uly ähtimallyk bilen, topary pleý-offdan daşda galdyrar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......