Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar

  • 24.12.2025 09:58
  • 5.8k+

Dohada 19-27-nji dekabr aralygynda geçirilýän Agyr atletika boýunça 10-njy halkara Katar kubogynda (Qatar Weightlifting Cup) türkmenistanly türgenler Bunýat Raşidow we Ogulşat Amanowa alty medal gazandylar. Bu barada Katar sport metbugat komiteti (The Qatar Sports Press Committee) habar berdi.

67 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Bunýat Raşidow toparyna üç baýrak getirdi. Ol silterläp götermekde 145 kg netije bilen ýeňiji boldy, itekläp götermekde 169 kg bilen ikinji ýeri eýeledi we jemi iki görnüşiň netijesi boýunça (314 kg) altyn medala mynasyp boldy.
45 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Ogulşat Amanowa hem hormat münberine üç gezek çykdy. Ol silterläp götermekde 77 kg, itekläp götermekde 93 kg we jemi iki görnüşiň netijesi boýunça 170 kg görkeziji bilen üç sany bürünç medal gazandy.
Katar kubogy bir wagtyň özünde üç sany iri ýaryşy öz içine alýar: 2025-nji ýylyň 10-njy Katar halkara kubogy, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we uly ýaşlylaryň arasyndaky Arabystan çempionaty hem-de Agyr atletika boýunça Günbatar Aziýa çempionaty.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....