Görnükli türkmen ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynda aradan çykdy

  • 22.12.2025 21:07
  • 19k+

21-nji dekabrda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeledi. Bu barada meşhur ýazyjynyň ýakynlary habar berdiler.

Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gojuk obasynda dünýä indi. Ol front gahrymanynyň ogludy: kakasy Tagan Öwez 1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolupdyr.
Moskwada Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlandan soň, ýazyjy 1966-1994-nji ýyllar aralygynda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň müdiriýetiniň Sekretariatynda maslahatçy bolup işledi. Ol edebiýatdaky ilkinji ädimlerini heniz talyplyk ýyllarynda ädip başlapdy.
Atajan Tagan — umumy tiražy 700 müňe golaý bolan ýigrimä golaý kitabyň awtorydyr. Onuň eserleri türkmen, rus, bolgar, özbek, azerbaýjan, moldowan, belarus, ukrain, çeh, gyrgyz, täjik we beýleki dillerde neşir edildi.
Has meşhur eserleriniň arasynda «Gowşut han» (ilkibaşda «Saragt galasy» ady bilen neşir edildi), "Keseki" (irki neşirlerde "Pereňli ýesir") romanlary, «Lal perişde», «Ýalňyzlyk», «Jennetiň derwezesiniň açary», "Mähnet dünýädäki kiçijik jaý" powestleri we başga-da köpsanly hekaýalar we goşgular bar.
Ýazyjy terjimeçilik ugrunda hem uly yz galdyrdy. Ol dünýä edebiýatynyň şu nusgawy eserlerini türkmen diline terjime etdi -  Jek London — «Martin Iden», Alber Kamýu — «Nätanyş» (L’Étranger), Frensis Skott Fitsjerald — «Beýik Getsbi», Somerset Moem — «Aý we şaýy», Gi de Mopassan — «Pýer we ŽanŞeýle hem Iwan Turgenewiň, Çingiz Aýtmatowyň, Wasiliý Şukşiniň we başgalaryň eserleri.

Onuň eserleri esasynda birnäçe çeper filmler düşürildi, olaryň arasynda "Babagambaryň gaýdyp gelmegi”, “Takdyr”,”Tentek”,“Ogul”(“Ak maýanyň ýoly”) çeper filmleri bar. Ýazyjynyň eserleri mekdep maksatnamasyna girizilendir. Köp sanly çagalar üçin ýazan «Aglama, gurjak» goşgusy bolsa her bir türkmen çagasyna tanyşdyr.
Ömrüniň soňky ýyllarynda Atajan Tagan 40 ýylyň dowamynda üstünde işlän «40 ýylda ýazylan kitap» atly uly göwrümli ýatlamalar kitabyny tamamlady.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......