FIFA-nyň prezidenti jedelli pursatlarda agzyny eli bilen ýapýan oýunçylary meýdançadan çykarmagy teklip etdi

  • 02.03.2026 18:53
  • 13k+

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino meýdançadaky gapma-garşylykly pursatlarda agzyny elleri ýa-da köýnekçesi bilen ýapýan oýunçylara gyzyl duýduryş karty bermek arkaly jezalandyrmaga çagyrdy. Onuň aýtmagyna görä, bu hili hereketler kabul edilip bilinmejek kemsidiji sözleri gizlemek synanyşygyndan habar berip biler.

«Şeýle hereketlere ýüz urýan oýunçylar aýdýan sözlerini aç-açan gizlemäge synanyşýarlar. Olar aýdýan zatlarynyň ýol berilmesizdigine düşünýärler. Eger adam agzyny ýapýan bolsa, diýmek, onuň gizlejek zady bar. Biz jynsparazlyk alamatlaryna garşy netijeli çäreleri görmek bilen, tutanýerli garşylyk görkezmäge borçludyrys. Emma bolup geçen wakanyň ýagdaýlaryny hem göz öňünde tutmak möhümdir. Adam gaty tolgunýan pursatynda ýalňyşlyk goýberip biler we soňra şol eden işine tüýs ýürekden ökünip biler. Şonuň üçin hem, köpçüligiň öňünde ötünç soraýanlar üçin jeza çärelerini ýumşatmak mümkinçiligine seretmeli» — diýip, Sky News Infantinonyň sözlerini getirýär.

Şeýle hem, FIFA-nyň ýolbaşçysy kemsidiji häsiýetli sözler üçin berilýän iň az diskwalifikasiýa möhletini, eger oýunçy günäsini köpçüligiň öňünde boýun alsa, bäş oýna çenli gysgaltmagy teklip etdi.

Bu başlangyjyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykmak ugrundaky «Benfika» we «Real» klublarynyň arasyndaky duşuşyk sebäp boldy.

Madridli klubuň hüjümçisi Winisius Žunior «Benfikanyň» ýarym goragçysy Janluka Prestianniniň ýüzüni futbolkasy bilen ýapyp, özüne jynsparaz kemsitmeleri aýdandygy barada eminlere şikaýat etdi. Prestianni jynsparaz sözleri aýdandygyny inkär etdi, ýöne gödek sözleri ulanandygyny boýun aldy. Soňra UEFA oýunçyny wagtlaýynça indiki duşuşykdan çetleşdirdi.


düýn 14:33
9.7k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......