Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy

  • 25.12.2025 13:33
  • 6.6k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa  Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy. Ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan guraldy.

Milli ýygyndy toparyň tälimçisi 30 ýaşly Ýuriý Rogusskiý bilen onuň şägirdi Allanur Daýanjowyň arasyndaky erkekleriň ýekelikdäki final duşuşygy uly gyzyklanma döretdi. Geçen aýda olar Bahreýniň Isataun şäherinde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň toparynyň düzüminde ýeňiş gazandylar. Indi bolsa bu iki tennisçi abraýly baýrak ugrundaky aýgytly duşuşykda bäsleşýärler.
3 sagat 20 minut wagt dowam eden final duşuşygynyň ykbaly goşmaça wagtda çözüldi. Birinji seti Ýuriý Rogusskiý 6:4 hasabynda ýeňdi. Ikinji set A.Daýanjowa 6:0 hasabynda üstünlik getirdi. Aýgytlaýjy setde Allanur goşmaça wagtda 7:6 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy.

Şu ýylyň aprelinde Mary welaýatyndan 22 ýaşly Allanur Daýanjow ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Indi bolsa ol ikinji milli baýragy gazandy. Ol Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň bäşinji ýyl talyby bolmak bilen, okuwyny tennis bilen üstünlikli utgaşdyrýar.
Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Didar Wepamyradowy 6:3, 6:4 hasabynda ýeňen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýene bir ýeňijisi, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň 26 ýaşly tälimçisi Meýlis Orazmuhammedow ilkinji üçlügiň soňky setirini eýeledi.
Zenanlaryň ýaryşynda Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Möwlamowa ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy. Ol bu üstünlige ýetmek üçin Serdar Bäşimowyň dördünji orunda duran 16 ýaşly şägirdi Ýewa Abramowany 6:0, 6:0 we Jennet Orazalyýewany 6:3, 6:1 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda Aýnur birinji orunda duran Leýli Esenowany hem iki setde 6:4, 6:4 hasabynda ýeňdi, finalda bolsa Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň dokuzynjy synp okuwçysy Aýlar Kakabaýewany ýeňdi.
Zenanlaryň ýekelikdäki ýaryşynda bürünç medalyň eýesi Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Çaryýewa boldy, ol üçünji orun ugrundaky duşuşykda Leýli Esenowany 6:4, 6:4 hasabynda ýeňdi.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......