Türkmenistanda zähmetde tapawutlanan raýatlara döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

  • 22.12.2025 13:59
  • 14k+

20-nji dekabrda ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik altyn we kümüş nyşanlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giň gerimli aýdym-sazly dabaralar bilen dowam etdi.
Dabaralaryň dowamynda bellenilişi ýaly, raýatlaryň uly toparynyň “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanylmagy döwletimiziň olaryň uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli hem-de netijeli zähmetine ýokary baha berýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ýokary sylaglara mynasyp bolan ildeşlerimiz özleriniň döredijilikli işlemegi ugrunda döredilýän hemmetaraplaýyn mümkinçilikler, döwlet derejesinde berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wagyz etmäge, oňyn halkara başlangyçlaryny ilerletmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.


şu gün 07:42
539

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......