Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi

  • 23.12.2025 13:13
  • 3.7k+

22-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky we Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçileri, Türkmen-azerbaýjan parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly kitabynda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky uly orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Eserde türkmen topragynda ýaşap, yklymlaryň ösüşine goşant goşan meşhur serkerdeler, soltanlardyr akyldarlar barada öz pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirýär.


Dabarada Azerbaýjanyň ilçisi Gismat Gozalowyň çykyşynda belleýşi ýaly, bu eser diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki dünýäniň ruhy hazynasyna öwrülen paýhas nusgalaryny özünde jemleýär. Şeýle eseriň tanyşdyrylmagy onuň diňe bir edebi we ylmy ugurlarda däl, eýsem, Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda berk taryhy we medeni baglanyşygyň ähmiýetini hem aýdyň ýüze çykarýar. Ilçi şeýle baý mirasy gorap saklamakda, ony geljek nesillere ýetirmekde Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň hem-de başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.


şu gün 00:03
2.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.6k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......