Türkmenistanda pudagara maslahatda «Bitewi saglyk» çemeleşmesiniň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 22.12.2025 00:06
  • 3.1k+

19-njy dekabrda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) goldawy bilen, Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň 4-nji mejlisi geçirildi.

Bu komitet bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmak, maglumat alşygyny ýola goýmak we bu ugurdaky başlangyçlary netijeli ornaşdyrmak maksady bilen döredildi. Onuň düzümine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri girýär.
Mejlisiň dowamynda Döwlet weterinariýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Daşky gurşawy goramak ministrliginiň milli utgaşdyryjylary häzirki wagtda gazanylan ösüşler barada hasabat berdiler.
Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň «Bitewi saglyk» boýunça milli utgaşdyryjysy, halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow öz çykyşynda laboratoriýa kuwwatyny ösdürmek, zoonoz keselleriniň öňüni almak, weterinariýa hünärmenlerini okatmak we halkara standartlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem pudagara hyzmatdaşlyk barada giňişleýin durup geçdi. Döwlet weterinariýa gullugy özüniň tejribesi, bölümler ulgamy we laboratoriýa binýady arkaly zoonoz kesellerini irki döwürde ýüze çykarmaga we olara garşy netijeli çäreleri görmäge uly goşant goşýar.
Komitetiň esasy wezipeleri — hereketleri utgaşdyrmakdan, döwlet syýasatyny goldamakdan we «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek üçin milli kuwwaty berkitmekden ybaratdyr.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......