Aşgabatdaky MarmeLavka dükany marmeladly Täze ýyl sowgatlyk gutulary we marmelad buketlerini hödürleýär

  • 25.12.2025 14:14
  • 10k+

Aşgabatda Ýewropadan getirilen marmeladlar we süýjülikler boýunça ýöriteleşen “MarmeLavka” dükany açyldy. Dükanda turşy, süýji we hatda ajy tagamly marmeladlar, şeýle hem özboluşly marmelad buketleri we sowgatlyk bokslar bar.

Dükanda müşderileriň islegine görä tagamyna we reňkine laýyklykda aýratyn süýji toplumlaryny sargyt etmek mümkin. Dükan Türkmenistanyň ähli künjegine eltip bermek hyzmatyny hem hödürleýär.
Hemişelik müşderiler üçin “wepalylyk maksatnamasy” hereket edýär we olara ýörite kart berilýär. Bu kart arkaly müşderiler her üçünji söwdasyndan soň sowgat alarlar, indiki üçünji söwdadan soň bolsa 100 gram marmelady mugt alyp bilerler.

MarmeLavka dükany Aşgabat şäherinde şu salgylarda ýerleşýär:

  • Garaşsyzlyk şaýolunyň (Sowetskiý) ugrunda 62-nji jaýda. Puşkin mekdebiň ýanynda);
  • Parahat 7/1, 22-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 71 13 71 37;
+993 71 11 81 17.

MarmeLavka dükanynyň harytlaryny Instagram we TikTok sahypalaryndan hem görüp, sargyt edip bolýar


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......