Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda «Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördi

  • 22.12.2025 22:24
  • 10k+

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen bilelikde «Döwlet Ermitaž Muzeýine» aýlanyp gördi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary, ilki bilen,  muzeýiň birinji gatynda ýerleşýän «Altyn hazyna» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde antik döwrüň zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda gadymy skif halkyna degişli 2 müň ýyllyk altyn önümleri nepisligi bilen haýran galdyrýar.
Muzeýiň ikinji gatynda ýerleşýän Orta Aziýa zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen tanyşmak bolýar. Ekspozisiýa asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň arasyndaky kemala gelen gatnaşyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Soňra döwlet Baştutanlary Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň sungaty bilen tanyşdyrýan zallara aýlanyp gördüler. Bu ýerde Günbataryň meşhur suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.
Muzeý bilen tanyşlygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary «Leonardo da Winçi» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde Ýewropanyň Galkynyş döwrüniň beýik ussadynyň 20-den gowrak eseri saklanylýar. Bu sungat eserleri çeperçilik ussatlygy we çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.
Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirildi.



şu gün 13:44
1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......