Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada geçiriljek halkara forumlara taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

  • 25.12.2025 10:49
  • 10k+

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň dowamynda 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen bagly meseleler bilen gyzyklandy we halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýylda Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerine baryp gördi. we toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň girelgesiniň döwrebaplygy bilen tanşyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň enjamlaşdyrylyş derejesi, meýilleşdirilen halkara çäreleriň geçiriljek ýerleri bilen tanyşdy hem-de ýokary derejeli myhmanlaryň kabul ediljek ýerinde döredilýän şertleriň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Liderine toplumda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş we bezeg işlerine degişli taslamalar, ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri görkezildi. Degişli ýolbaşçylar 2026-njy ýylda Hazaryň kenarynda halkara forumyň geçiriljek binasynyň ýerleşýän ýeriniň meýilnamasy, onuň bölümleriniň, mejlisler zalynyň teklip edilýän bezeg işleri, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdiler.
Saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsyndan öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan işler, Hazaryň kenarynyň tebigy aýratynlyklaryny we öz çägini giňeldýän syýahatçylyk zolagynyň täze binalary, ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçardan halkara ulag geçelgesiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri, Awazanyň önümçilik toplumlaryny synlady.
Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşy tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......