Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

  • 22.12.2025 22:51
  • 11k+

22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde  «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlary bilelikde surata düşdüler.
RF-niň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary mübärekläp, resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem Wladimir Putin 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli Serdar Berdimuhamedowy gutlady.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti GDA agza ýurtlaryň ähli raýatlaryny ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli gutlady.
Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanlary «Döwlet Ermitaž Muzeýinde» konserte tomaşa etdiler.
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.


şu gün 22:09
246

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......