Daşoguzda Adalat müdirligi üçin täze edara binasynyň gurluşygy dowam edýär

  • 25.12.2025 13:37
  • 9k+

Türkmenistanyň demirgazygynda Daşoguz welaýat Adalat müdirligi üçin täze edara binasynyň gurluşygy dowam edýär. Gurulýan binanyň umumy meýdany bir gektardan gowrak diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Binanyň gurluşygyny «Röwşen» hususy kärhanasy alyp barýar. Häzirki wagtda üç gatly binanyň göwresi doly guruldy, ikinji we üçünji gatlaryň arasynda örtgülerde kerpiç örme işleri dowam edýär, ikinji hem üçünji gatlarda bolsa suwag işleri alnyp barylýar.
Daşoguz welaýat Adalat müdirliginiň täze edara binasynda iş we mejlis otaglary ýerleşer. Şeýle hem onda naharhana, awtoulaglar üçin üsti ýapyk hem açyk awtoduralga we tehniki hyzmata niýetlenen desgalar bolar. Binanyň daş-töweregi abadanlaşdyrylar we bag ekiler.
Binanyň gurluşygynda we bezeg işlerinde ýokary hilli döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylýar.
Daşoguz welaýat Adalat müdirliginiň haly göli şeklinde taslanyp gurlan döwrebap köpugurly bazaryň golaýynda ýerleşýän täze edara binasy, Daşoguz – Köneürgenç awtomobil ýolunyň ugrundaky dürli maksatly binalardan döredilýän binagärlik toplumynyň üstüni ýetirer.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....