Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy

  • 22.12.2025 17:15
  • 7.9k+

13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaryş olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça guraldy.

Jemleýji tapgyrda jemi 32 küştçi — 16-sy açyk we 16-sy zenanlar derejesinde gatnaşdy. Ýaryşlar FIDE-niň halkara reýtinginiň hasaplanmagy bilen geçirildi. Jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri diňe bir abraýly atlara mynasyp bolman, eýsem tapgyryň esasy baýragyny — 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyna gönümel gatnaşmak hukugyny gazandylar.


Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky final tapgyrynyň baýrakçylary:
Zenanlar derejesi:
1-nji orun: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dil taýýarlygy fakultetiniň talyby Leýla Şöhradowa. Ol goşmaça oýunlara (taý-breýklere) galmazdan ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýagny, ähli bäsdeşlerini esasy nusgawy tapgyrlarda ýeňdi, diňe ýarym finalda Jennet Ýalkanowa bilen bir gezek deňme-deň oýnady.
2-nji orun: Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa. Ol hem finala çenli ynamly geldi, ýarym finalda Gülmira Seýilhanowanyň garşylygyny diňe rapid (çalt şahmat) oýunlarynda ýeňip bildi.
3-nji orun: Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gülmira Seýilhanowa. Ol ýaryşyň ähli tapgyrlarynda özüniň tutanýerliligini görkezdi. Üçünji orun ugrundaky bäsleşikde hem erjelligi we polat ýaly nerwleri saýasynda ýeňiş gazandy. Ýene bir gyzykly maglumat: Gülmira 1/8 finaldan başga ähli tapgyrlarda ilkinji nusgawy oýunda utulyp, ertesi güni hasaby deňlemegi başardy.
Açyk derejesi:
1-nji orun: Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadow. Ol ýaryşda ynamly ýeňiş gazanyp, 2026-njy ýylyň Ýokary ligasyna gatnaşmak hukugyny aldy. Küşt bilermenleriniň pikirine görä, ol indiki Ýokary ligada altyn medala esasy dalaşgärleriň biri bolar.
2-nji orun: Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew. Ol hem ýokary ussatlyk görkezip, diňe finalda ýaryşyň ýeňijisine utuldy. Tälimçi bolmagyna garamazdan, hünärmenler arasyndaky ýaryşlarda çykyş edip, öz şägirtlerine sport göreşiniň nusgasyny görkezmegi örän ähmiýetlidir.
3-nji orun: Dänew etrabynyň 31-nji mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şageldi Gurbandurdyýew. Ol bürünç medal ugrundaky bäsleşikde Azim Saryýewi ýeňdi. Şeýle hem Şageldi çärýek finalda Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň 5-sinden 3-sini utup, ýaryşyň ussat küştçisi hasaplanýan Mergen Kakabaýewi garaşylmadyk ýagdaýda ýeňmegi başardy.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

20.06.2026 01:00
3.4k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......