Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi

  • 22.12.2025 16:40
  • 4.9k+

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy.

Täze ýyl kitap sergisiniň esasy maksady sowatlylygy we okamak medeniýetini ösdürmek, Ýewropada Täze ýyl ýarmarkalarynyň däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem kitaplar arkaly daşky gurşawa jogapkärçilikli we aýawly gatnaşygy kemala getirmegi höweslendirmek boldy.
Bu ýyl kitap alyş-çalyş nokady aýratyn meşhur boldy, sebäbi Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistandaky Fransuz instituty tarapyndan peýdaly we meşhur kitaplar (iňlis we fransuz dillerinde) sowgat berildi. Bu başlangyç myhmanlaryň kitaplary alşyp, olara ikinji ýaşaýyş mümkinçiligini berdi we şonuň bilen hem durnukly sarp ediş tejribesini goldady.
Sergi köp sanly myhmanlary özüne çekdi, olar Aşgabadyň meşhur kitap dükanlary tarapyndan hödürlenen giň gerimli kitap görnüşi bilen tanyşdylar. Iň kiçijik kitap söýüjiler bolsa çagalar üçin geçirilen wiktorina işjeň gatnaşyp, gowy görýän hekaýalary we edebi gahrymanlary barada bilimlerini synap gördüler, şeýle hem döredijilik işlerine gatnaşdylar: Santa Klausa hat ýazdylar, palçykdan şekilleri ýasadylar we reňklediler, surat çekdiler.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.4k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......