«Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamalarynyň dizaýny BIEG-niň iň gowy dizaýnlarynyň sanawyna girdi

  • şu gün 13:04
  • 1k+

Türkmenistanyň HASAR kompaniýasynyň «Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamasynyň dizaýny Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) ýubileý neşirine goşuldy. Bu neşir Gaaga ylalaşygynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, onda hasaba alnan 2 milliondan gowrak senagat nusgalarynyň arasyndan saýlanyp alnan 100 sany iň özboluşly dizaýn çözgüdi ýerleşdirildi diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu dizaýnyň awtory dizaýner Serdar Poladowdyr. Senagat nusgasy 2018-nji ýylyň 18-nji dekabrynda DM/201 765 belgisi bilen hasaba alnypdyr. «Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüsiniň gaplamasy türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Görüş çözgütleri ýurdumyzyň tebigy landşaftyna we mirasyna esaslanýar, onda günorta gawunlarynyň süýjüligi däp bolan gündogar süýjülikleriniň baýlygy bilen utgaşýar diýlip, neşirde bellenilýär.
Ýubileý neşirine Gaaga ulgamyna agza bolan 112 ýurduň 46-synyň wekilleri girdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň arasyndan bu kitapda Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gyrgyzystanyň taslamalaryna orun berildi.
Kitap çäkli mukdarda neşir edildi we ony guramanyň resmi saýtyndan tapmak mümkindir.


19.03.2025 15:02
13k+

Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy

«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

17.03.2025 07:57
11k+

Aşgabatda moda görkezilişinde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary hödürleniler

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»...

21.10.2024 16:49
3.2k+

Türkmenistan Russiýanyň kitaphanalaryna Magtymgulynyň ýygyndylaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň sowgatlyk nusgalaryny Russiýanyň öňdebaryjy kitaphanalaryna gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik...

29.08.2024 17:47
9.1k+

Aşgabatda modaly lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde ilkinji gezek modaly lybaslaryň sergisini gurady. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň...