Türkmenistan Russiýanyň kitaphanalaryna Magtymgulynyň ýygyndylaryny gowşurdy

  • 21.10.2024 16:49
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň sowgatlyk nusgalaryny Russiýanyň öňdebaryjy kitaphanalaryna gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik gullygy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Magtymgulynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň türkmen, rus we iňlis dillerindäki nusgalary:

  • Russiýa Ylymlar akademiýasynyň kitaphana gaznasyna;
  • M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetine;
  • P.Lumumba adyndaky Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetine;
  • Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutyna;
  • uly kitaphanalara – Russiýanyň döwlet kitaphanasyna, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň gündogary öwreniş institutyna, M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasyna, Russiýanyň döwlet köpçülikleýin taryhy kitaphanasyna, Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetiniň M.Gorkiý adyndaky ylmy kitaphanasyna, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasyna, Russiýanyň Milli kitaphanasyna we ş.m. gowşuryldy.

19.03.2025 15:02
13k+

Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy

«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

17.03.2025 07:57
10k+

Aşgabatda moda görkezilişinde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary hödürleniler

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»...

29.08.2024 17:47
8.8k+

Aşgabatda modaly lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde ilkinji gezek modaly lybaslaryň sergisini gurady. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň...

26.05.2024 20:34
7.7k+

Italiýa Yzzat Gylyjowyň gözi bilen: suratkeşiň Italiýa bagyşlanan eserleriniň sergisi geçirilýär

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň eserleriniň sergisi açyldy we türkmen suratkeşiniň Italiýa eden sapary wagtynda alan täsirleri barada gürrüň berildi. Bu barada...