Aşgabatda ilkinji gezek halkara moda görkezilişi guraldy

  • 19.03.2025 15:02
  • 13k+

«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlarynyň, «Vanity Fair», «Vogue», «Marie Claire Arabia», «Grazia», «Elle» žurnallarynyň, «Fashion Network» gazetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara moda görkezilişi guraldy.

Aşgabatdaky “Toý mekany” merkezinde geçirilen çärede Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, şeýle hem «Mähirli zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» modalar öýleriniň milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyryp taýýarlan lybaslary görkezildi.









25.12.2025 13:04
6.5k+

«Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamalarynyň dizaýny BIEG-niň iň gowy dizaýnlarynyň sanawyna girdi

Türkmenistanyň HASAR kompaniýasynyň «Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamasynyň dizaýny Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) ýubileý neşirine goşuldy. Bu neşir Gaaga ylalaşygynyň 100 ýyllygyna...

17.03.2025 07:57
11k+

Aşgabatda moda görkezilişinde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary hödürleniler

17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»...

21.10.2024 16:49
3.2k+

Türkmenistan Russiýanyň kitaphanalaryna Magtymgulynyň ýygyndylaryny gowşurdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň sowgatlyk nusgalaryny Russiýanyň öňdebaryjy kitaphanalaryna gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik...

29.08.2024 17:47
9.1k+

Aşgabatda modaly lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde ilkinji gezek modaly lybaslaryň sergisini gurady. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň...