17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy: ýylyň jemleri jemlener

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça geljek hepdede Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Onda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini we beýleki meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär...

4.7k+

Tanat – komissiýany aradan aýyrýan marketpleýs

Onlaýn söwda pudagynda uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Täze işe girizilen sanly marketpleýs platformasy Tanat, satyjylardan talap edilýän çökder komissiýalary we ýyllyk tölegleri düýbünden aýyrmagy maksat edinýär...

2.5k+

Aşgabatda nusgawy türkmen filmleriniň ajaýyp sazlary ýaňlanar

Aşgabatda türkmen kinematografynyň meşhur saz eserlerine bagyşlanan konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Türkmen kinosynyň altyn mukamlary» atly sazly agşama çagyrýar...

1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

3.1k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk şüweleňine çagyrýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki hakyky baýramçylyk ruhuny wada berýär. Tomaşaçylar üçin ýönekeý bir çykyşlar däl, eýsem milli öwüşginli we halkara derejeli uly şüweleň garaşýar. Märekäniň öňünde dürli žanrlaryň ussatlary, şeýle hem dürli ýurtlaryň sirk däplerini görkezýän haýwanlar çykyş eder...

893

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara gowuşdy. Neşir «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji aýynyň wakalaryny beýan edýär...

4.1k+

Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy...

2.6k+

Ýaş türkmen alymlary Bangkokda geçirilen Bütindünýä ylmy bäsleşiginde ýokary baýraklara mynasyp boldy

29-njy ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Tailandda ylym we tehnologiýa dünýäsinde iň abraýly halkara çäreleriniň biri bolan «Ýaşlaryň arasynda ylmy açyşlar we innowasiýalar» bäsleşigi (WYSII 2026) geçirildi. Bäsleşige Malaýziýa, Tailand, Indoneziýa, Filippinler, Italiýa, Gazagystan, Meksika ýaly ýurtlardan, şeýle-de Türkmenistandan 715 talyp we 232 ylmy iş topary gatnaşdy...