Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy

  • 01.03.2026 21:23
  • 11k+

28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda ol alnyp barylýan gurluşyklar we hödürlenen taslama çözgütleri bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi.
 Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginler bilen alnyp barylýandygy, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi bellenildi.

Arkadag şäherine gelende Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D. Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G. Mämmedowa täze şäherdäki ýaşaýyş jaýlarynyň öý goşlary we bezeg aýratynlyklary barada maglumat berdi. Mebelleriň we bezeg elementleriniň nusgalary ozal berlen maslahatlaryň esasynda taýýarlanyldy.


Milli Lider mebelleriň we aşhana enjamlarynyň hili, berkligi we maşgala agzalarynyň ählisi üçin amatlylygy boýunça talaplara laýyk gelmelidigini aýtdy. Şeýle hem, «akylly şäher» konsepsiýasynyň binagärlik aýratynlyklarynyň, suw arassalaýjy serişdeler bilen üpjünçiligiň we yşyklandyryş ulgamynyň ilatyň durmuş ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Mundan başga-da, şäheriň täze metjidiniň bezeg işlerine degişli serişdeler görkezildi. Olaryň dogry saýlanylmagynyň we olaryň dini desganyň maksadyna laýyk gelmeginiň ähmiýeti nygtaldy.


Ýol hereketiniň howpsuzlygy ileri tutulýan meseleleriň hatarynda boldy. Halkara kadalara laýyk gelýän yşyklandyryş ulgamlarynyň we ýol belgileriniň ornaşdyrylmagy barada maglumat berildi. Ýol germewleriniň sürüjiler üçin kesgitlenen talaplara laýyk gelmelidigi görkezildi.
Saparyň dowamynda şäheri bagy-bossanlyga öwürmek üçin niýetlenen bag nahallary hem gözden geçirildi. Baglaryň görnüşleriniň sebitiň toprak-howa şertlerine görä saýlanyp alynmalydygy, munuň bolsa ýollaryň ugrunda we seýilgäh zolaklarynda amatly gurşawy döretjekdigi bellenildi.
Şeýle hem, «Ahalteke atlary» şaýolunyň bezeg taslamalary we «Polatly» binasyny döwrebaplaşdyrmagyň şekil taslamalary hödürlendi.


şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......