Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

  • 28.02.2026 14:08
  • 4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisde wise-premýer B.Mämmedow ýurtda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda oňyn tejribeleriň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän ylmy-kliniki merkezleriň, hassahanalaryň, şypahanalaryň we derman senagaty kärhanalarynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem lukmançylyk ylmy ösdürilýär we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkidilýär.

Wise-premýeriň sözlerine görä, durmuşa geçirilýän işler ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ählumumy ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösmegine we ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanda lukmançylyk ylmyny ösdürmek we halkara özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini belläp, Prezident wise-premýere agzalan strategiýany taýýarlamak işlerini geçirmegi tabşyrdy.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
748

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......