Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

  • 28.02.2026 16:05
  • 1.9k+

27-nji fewralda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow we Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Şarifow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini, şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdy. Esasy üns syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmäge, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ulag-logistika we energetika ulgamlaryndaky özara gatnaşyklara, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirildi.

Aýratynlykda, ýokary derejeli çärelere taýýarlyk görmek, parlamentara hyzmatdaşlygyň orny, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň işi, şeýle hem telekeçileriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we milli sergileri guramak meseleleri maslahatlaşyldy.

Taraplar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny amala aşyrmakda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygyndaky strategik ornuny, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtady. Şeýle hem bilim we ylym ulgamyndaky özara hereketleriň, şol sanda akademiki alşygyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we özara bähbitli bolan ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......