Serdar Berdimuhamedow häkimlere ýazky meýdan işleri boýunça tabşyryklary berdi

  • 02.03.2026 23:06
  • 6.5k+

2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk meselelerine gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda, esasan, sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bäş welaýatyň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bugdaý meýdanlarynda ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we agrotehniki kadalara laýyklykda ösüş suwuny tutmak işleriniň dowam edýändigi bellenildi. Şol bir wagtda pagta ekişine taýýarlyk görülýär: ýerleri tekizlemek, joýa çekmek we hilli gowaça tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwlary tutulýar, oba hojalyk tehnikalary ýaz ekişi möwsümine taýýarlanylýar.

Şeýle hem ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilişi dowam edýär, Daşoguz welaýatynda bolsa kelemiň ekişine girişildi.
Maslahatda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk hem-de durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurluşygynyň barşy aýratynlykda gözden geçirildi.

Prezident hasabatlary diňläp, agrotehniki işleriň wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi, ekerançylygyň kadalaryna berk eýermegi, öndürijiler bilen hasaplaşyklary gözegçilikde saklamagy, baýramçylyk çärelerini degişli derejede guramagy we meýilleşdirilen desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......