Läle Şöhradowa üç ýyldan soň Türkmenistanyň küşt täjini gaýtaryp aldy

  • 02.03.2026 21:04
  • 9.6k+

Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň zenanlar toparynda FIDE-niň ussady, 20 ýaşly Läle Şöhradowa uly ýeňiş gazanyp, üç ýyldan soň ýurduň küşt täjini özüne gaýtaryp aldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby bolan Läle mümkin bolan 14 döwde 11,5 utuk toplap, iň ýokary netijäni görkezdi we ikinji orny eýelän Jahan Rejepowadan 3,5 utuk öňe saýlandy. Baýrakly üçlügi bolsa 7,5 utuk bilen 16 ýaşly Mähri Agamyradowa jemledi.
Läle Şöhradowanyň sport ýoly üstünliklere baýdyr. Ol eýýäm 9 ýaşynda öz ýaşyndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýä çempiony bolmagy başaran bolsa, 12 ýaşynda Bütindünýä küşt olimpiadasynda ilkinji gezek çykyş etdi. 2022-nji ýylyň noýabrynda Läle rapid boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy, 2023-nji ýylyň fewralynda bolsa zenanlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça ilkinji gezek bu ada mynasyp boldy. Indi ol Türkmenistanyň iki gezek çempiony boldy.

Bu çempionatyň netijeleri boýunça baýrakly orunlary eýelän küştçüler, şeýle hem Ogulsuraý Baýrambaýewa we Leýla Şöhradowa Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň düzümine girmäge hukuk gazandy. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary şu ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda ýurduň sport abraýyny gorar.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......